Täze taryhy eýýamda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyz şanly senäni uly ösüşleri gazanmak, belent sepgitlere ýetmek bilen dabaralandyrýar. Bu ösüşler öňden görüjilikli hem ynsanperwer syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk bähbidine gönükdirilen taryhy taslamalaryň, iri möçberli maksatnamalaryň, düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi hem-de halkymyzyň agzybirligi, jebisligi, güýçgaýrat, yhlas bilen çekýän zähmetiniň netijesinde mümkin bolýar. Asylly işleriň maksady bolsa döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmek, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky aladalardan ybaratdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymatlaryň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň subut edýär.
Ata Watanymyzda bellenilýän her bir şanly sene il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň güwäsi bolup dabaralanýar. Her ýylyň 27-nji sentýabrynda dünýä ýaň salýan dabaralar bilen bellenip geçilýän Garaşsyzlyk baýramynyň gadyr-gymmaty, toý gerimi has-da tapawutlanýar. Sebäbi Garaşsyzlyk ýurdumyzy gurşap alan ähli ajaýyplyklaryň, ösüş-özgertmeleriň, umuman, Diýarymyzyň toý baýramlara beslenmeginiň gözbaşynda duran mukaddeslikdir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýändigi bilen taryhyň sahypalarynda aýratyn orun eýelär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňden görüjilikli adyl syýasaty netijesinde ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda uly sepgitlere ýetilýär. Netijede, ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyşdurmuş derejesi düýp göter ýokarlanýar, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar. Eziz Diýarymyzyň obalary, şäherçedir şäherleri döwrebap keşbe beslendi. Bu zatlaryň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bahasyz miwesidir.
Goçmyrat Çörliýew
TKA-nyň Gubadag etrap
birleşmesiniň başlygy