TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / BEDEW BIZIŇ ŞÖHRATYMYZ, ŞANYMYZ
BEDEW BIZIŇ ŞÖHRATYMYZ, ŞANYMYZ
02.10.2026 Çäk birleşmeler

BEDEW BIZIŇ ŞÖHRATYMYZ, ŞANYMYZ

  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitabynda “Ahalteke bedewlerine berýän ünsümiz mirasymyza uly sarpa goýýandygymyzdan nyşandyr. Mirasa göz ýetirmegiň oňa aýawly çemeleşmegiň döwletlilik getirýändigi biziň kalbymyzda ornan ynamdyr” diýip belläp geçýär. Hakykatdan-da bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan Ahalteke bedewlerini ebedileşdirmek we bedewleriň gaýtalanmajak gözelligini dünýä ýaýmak bilen bagly birnäçe asylly işler durmuş ýüzüne geçirildi. Güýz paslynyň ilkinji aýynyň ahyrky günlerinde gojaman Köpetdagyň eteginde açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň döwrebap binalar toplumynyň açylyş dabarasy hem şeýle ajaýyp we şanly wakalaryň üstüni ýetirdi. 1200 orunlyk bolan bu toplumyň täze binalary atçylyk pudagyny ösdürmek üçin niýetlenen häzirkizaman tehnologiýalary bilen doly ýagdaýda üpjin edilipdir. Bu bolsa bu pudagyň geljeginiň ileridiginden habar berýär. Binalar toplumynyň açalyş dabaranyň başynda asuda asmanymyzda ahalteke atynyň çapyp gelýän şekiliniň yşyklar bilen şekillendirilmegi bolsa bu milli gymmatlygymyza bolan sarpamyzdan hem-de diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinden nyşandyr. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atyna atlanmagy bolsa bu dabara özboluşly sazlaşyk paýlady hem-de baýramçylyk mynasybetli guralan çapyşyk bäsleşiginde bäsleşigiň şertlerine görä bäsleşip baş baýraga mynasyp bolmagy bolsa atçylyk äleminiň janköýerleri üçin görelde mekdebi boldy. Bu ýerde ýyndam bedewleriň gözelligi we ýyndamlygy baýramçylyk şatlygy bilen sazlaşyp gitdi. Bu açylyn täze toplum bolsa diýarymyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän ajaýyp işleriň üstüni ýetirdi.

  Goý, bedew bady bilen ösüp geljegi nazarlap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri belende galsyn! Biziň şeýle ajaýyp zamanada parahat we asuda durmuşda ýaşamagymyz üçin ajaýyp şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Aşyrmämet Jumakow

TKA-nyň Ruhubelent etrap

birleşmesiniň başlygy

Degişli Habarlar