TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.08.2026 Çäk birleşmeler

BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

    Bedew- türkmen halkynyň milli gymmatlygydyr. Bedew atlar biziň halkymyzyň asyrlar boýy apalap gelen baýlygydyr. Şonuň üçin hem taryhyň haýsy döwürlerine göz aýlasaň-da türkmen halky diýlende ilki bilen bedew atyň ajaýyp keşbi göz öňüňde janlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz behişdi bedewlerimiz baradaky duýgularynda “-Behişdi bedewlerimiz ösüşleriň belent sepgitlerine barýan Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr” diýip bellemek bilen, gamyşgulak bedewlerimize mynasyp tarypnama berýär. Biziň diýarymyzda häzirki wagtda dabaralanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyňGalkynyşy döwrüniň her bir ösüşleri hem ýelden ýyndam bedew atlaryň badyna meňzedilýär. Bedew at elmydama-da mukaddeslik, behiştden inen gudrat hasaplanypdyr. Bedew atlaryň behişdiligi, onuň ajaýyp bir gudrata eýedigi baradaky inçe duýgular Gurbanaly Magrupynyň döredijiliginde:

 

Hak ezelde halk eýlemiş,

Bir ajaýyp zatdyr bedew.

Jennet Byragy diýmişler,

Ýalançyda atdyr bedew

 

diýen görnüşinde getirilýär. Mundan başga-da halk döredijiligimizde bar bolan dessanlaryň, şadessanlaryň, rowaýatlaryň, ertekileriň, goşgudyr beýleki döredijilik eserleriniň haýsysyny okasaň-da bedew atyň ynsan bilen dostlugyny, syrdaşlygyny, eýesine hemaýatçydygyny görmek bolýar. Bu gün biz bedew atlar, olaryň geçen taryhy hem-de kämillik ýollary we atlar baradaky beýleki inçe tilsimleri öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew”, “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly gymmatly we taryhy maglumatlara baý bolan eserlerini ýol ýörelge edinýäris.

   Goý, bedew bady bilen ösüp, geljegi nazarlap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri belende galsyn! Biziň şeýle ajaýyp zamanada parahat we asuda durmuşda ýaşamagymyz üçin ajaýyp şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Döwran Ataýew

Ylym we bilim işgärleriniň Akdepe etrap 

Geňeşiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar