TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / BEDEW ATLAR- MILLI BAÝLYGYMYZ
BEDEW ATLAR- MILLI BAÝLYGYMYZ
09.09.2026 Çäk birleşmeler

BEDEW ATLAR- MILLI BAÝLYGYMYZ

  Türkmen halkynyň milli gymmatlygyna we köňül dünýäsiniň buýsanjyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiz barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitabynda “-Ahalteke bedewleri heňňem aýlanyp, bu gün sagdyn ýaşaýşyň we sungata müdimi sarpanyň, ynsanperwerlik taglymlarynyň ebediliginiň alamaty bolup, şöhratyny täze belentlige eýe etdi. Ol adamlaryň durmuşynda jebis ornaşdy we öz hakyky mertebeli ornuna eýe boldy” diýip jaýdar belläp geçýär. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri bu ajaýyp bedewleriň ýyndamlygy bilen deňeşdirilýär we suratlandyrylýar. Bedew atlar nähili ýyndam bolsa, biziň ýaşaýan ajaýyp döwletimiz hem şol depgin bilen özgerýär we ösýär. Biziň abadan ýurdumyz bedew bady bilen ösüp geljegi nazarlap öňe barýar. Hut, şonuň üçin-de bedew atlarymyzy “türkmeniň uçar ganaty” diýip atlandyrýarys. Bu gün milli şaý sepler we bezeg esbaplary bilen bezelen bedew atyny çapyp gelýän milli eşikdäki, eli pasyrdap duran ýaşyl baýdakly türkmen ýigidini göreniňde buýsanjyň artýar we şu toprakda şeýle milli gymmatlygyň ösüp kemala gelendigine juda guwanjyň artýar. Aýlawlary baglan gamyşgulak türkmen bedewi ajaýyp çeýe syraty bilen görenleri haýrana goýýar. Biziň muladdes topragymyzda ösüp ýetişen bu ajaýyp çeýe syratly bedewler dünýäde bar bola bedew atlaryň tohumlaryndan aýratyn tapawutlanýarlar. Hut şeýle bolansoň bu gadymy tohum atlaryň arassa ganlylygyny saklap galmak we geljek nesillere asyl nusgasynda ýetirmek meksady bilen hem şu ýylyň 23-­nji sent­ýab­ryn­da paýtagtymyz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýokary guramaçylykly ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde “Türkmenistanda ahalteke atlaryň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu asylly işler bolsa milli gymmatlygymyz hasaplanýan bedew atlaryň biziň durmuşymyzdaky ornuny ebedileşdirmek boýunça ädilen ajaýyp ädimleriň biridir.

  Goý, bedew bady bilen ösüp geljegi nazarlap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri belende galsyn! Biziň şeýle ajaýyp zamanada parahat we asuda durmuşda ýaşamagymyz üçin ajaýyp şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Parahat Agylbaýew

“Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň

KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar