Eziz Watanymyzyň waspy dillerimiziň senasydyr. Biz ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw edip ýetip bilmedik zamanasynyň hakyky eýeleri bolduk. Ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda gysga wagtyň içinde uly ykdysady ösüşlere eýe boldy. Elbetde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri biri-birin sanap gutarar ýaly däl. Gurulýan belent-belent ymaratlary we demir ýollary, täze-täze obalary, bözgerýän şäherleri, ulanylmaga berilýän senagat kärhanalary, saglyk edaralaryny sanasaň sogaby bar. Bular biziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga amatly şertler döredýärler. Biziň ýurdumyz Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurt. Bitaraplygyň, agzybirligiň, asudalygyň beýik güýçdigini belläp,biz muny durmuşda hem amala aşyrýarys. Halkymyz bereketli türkmen topragynda Garaşsyzlygyň hözürini görüp ýaşaýar, gurýar döredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurulýan we gurlup ulanylmaga berlen desgalar sanardan kän. Olar Watanymyzyň kuwwatyna kuwwat goşýar.
Her ýyl däp bolup gelşi ýaly, biz milli baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününi mynasyp garşy alýarys. Mähriban Arkadygmyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutalygynda biz ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak maksadyndan ugur alýarys. Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyz bütin dünýäde at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan- bu döwlet hakykatdanda gülläp ösýän adamzada ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir» diýip Gahryman Arkadagymyz adalatly belleýär.
Bizi asuda asmanyň astynda,parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun,tutýan tutumlary rowaçlyklara beslensin! Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!
Muhyýew Arazmuhammet
söwda we telekeçilik ugurunyň işgärleriniň