Köneürgenç etrabynda hereket edýän önümçilik kärhanalar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir günini ýokary iş netijeleri bilen jemleýärler. Şeýle kärhanalaryň hatarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýat “Azyk önümçilik birleşiginiň” Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumyny aýtmak bolar. Bu ýyladyşhana toplumy indi birnäçe ýyldan bäri hereket edip her ýyly pomidoryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýär, ilatymyzyň bu önüme bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar. Ýyladyşhananyň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, bu ýerde 4 bölüm hereket edýär, işgärleriň 100-den gowragy zähmet çekýär. Bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň her biri özlerine berkidilen işi ýokary hil derejesinde berjaý edýärler. Ýyladyşhanada ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, ýyladyşhananyň ýylylyk çyglylyk ýagdaýny kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler esasynda dolandyrylýar. Göreldeli işgärlerden Allaberdi Satymow, Döwletgeldi Muhadow, Güljemal Ýazowa, Nahal Atabaýewa dagylary görkezmek bolar. Şu günleri ýyladyşhananyň işgärleri pomidor şitillerini oturtmak, olaryň kadaly ösüşini gazanmak ugrynda ýadawsyz zähmet çekýärler. Şu ýyly ýyladyşhanada pomidoryň “Fujimaru” gül-güne görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, ýyladyşhananyň agzybir işgärleriniň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde pomidor şitilleri kadaly boý alýarlar. Munuň özi bol hasylyň kemala geljekdiginden habar berýär.
Gülhumar HOJAHMETOWA
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni