TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / AZYK BOLÇULYGYNYŇ ALADASYNDA
28.08.2026 Çäk birleşmeler

AZYK BOLÇULYGYNYŇ ALADASYNDA

  Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer kärendeçileridir mülkdarlary diňebir gowaça, bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, gök- bakja, miwe, kösükli we däneli ekinleri ösdürip ýetişdirýärler. Bazarlarymyzda  bu ekinlere uly isleg bildirilýär. Ilatymyzyň köp isleg bildirýän däneli ekinleriniň biri hem mäşdir.  Däneli ekin bolan mäş gyş aýlarynda ýokumly iýmit hasaplanýar. Köneürgenç etrabynyň Akgala daýhan birleşiginiň çäginde 3 gektar ýeri eýeleýän mülkdar Gurbanmyrat Ýazmyradow hem ýigirmi ýyldan bäri däneli, kösükli ekinleri ösdürip ýetişdirip her ýyly bol hasyl öndürmegiň hötdesinden gelýär. Munuň özi müldaryň daýhançylykda baý iş tejribe toplandygyny görkezýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany  ýylynda bu ussat mülkdar özüniň mülk ýerine mäş ekip, onuň idegini kemsiz berjaý edýär. Tebigatyň gözelligi bilen sazlaşyp aýrtyn bir gelşik bilen ýaýylyp ýatan mäş ekinini  synlanyňda mülkdaryň çekýän päk zähmetiniň kemsiz ýerine düşýändigine diýseň begenýärsiň.

   Döwürden galkynan bu mülkdar bilen söhbetdeş bolanymyzda “-Her ýyly dürli görnüşli däneli ekinleri ekip, ondan bol hasyl alýarys. Ekin dolanşygynyň geçirilmegi ýerleriň gurplanmagynda, her ýyly bol hasylyň ýetişmeginde örän ähmiýetli. Bir ýyl künji eksek, soňky ýyl mekgejöwen, mäş ekýäris. Şu ýyly mülk ýerime mäşiň biziň toprak howa şertlerimize oňat uýgullaşan görnüşini ekdim we häzirki wagtda ondan bol hasyl öndürmek ugrynda aladalanýarys. Mäş ekini suwy az talap edýär. Ýerleri gyş, bahar aýlarynda suwdan mazaly gandyrandan soň ekiş geçirilse tä hasyl ýetişýänçä suw tutulmaýar.  Görşüňiz ýaly mäşimiz bol hasyl toplaýar. Elbetde, şular ýaly hasyly kemala getirmek hem aňsat däl. Wagtynda ekiş geçirmek, otag ýekeleme, bejergi işlerini, zyýan berijilerden goramak ýaly agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegi netijesinde mümkin bolýar. Biz hem mülk ýerimizdäki mäşleri wagtynda haşal otlardan gorap- otag we ondan daşgary hem ýekeleme  işini geçirdik,  goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirdik, zyýan berijilere garşy pugta göreş çärelerini alyp bardyk. Nesip bolsa bol hasyla garaşýarys. Bu bolsa ilatymyzyň bu önüme bolan islegini kanagatlandyrmaga uly mümkinçilikler berer. Biz hem işlemek we bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirýäris”-diýip uly buýsanç bilen belläp geçdi.

 

Gülhumar   HOJAHMETOWA

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Köneürgenç  etrap  birleşmesiniň  esasy hünärmeni

Degişli Habarlar