TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI
27.08.2026 Çäk birleşmeler

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

   Garaşsyz, baky Bitarap-Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ýurdymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny giňden dabaraly toýlaýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly maslahatlar, aýdym-sazly çäreler ýokary guramaçylyk derejede geçirilip, bagtyýar halkymyz bu geçirilýän dabaralara uly ruhubelentliklerde gatnaşýarlar. Şeýle dabaralaryň biri-de Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesindäki medeniýet öýünde geçirildi. “Garaşsyzlyk alyp, bagta ýetenim, berkarar döwletim, eziz Watanym” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarany etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary, medeniýet bölümi bilelikde gurnadylar. Bu dabara etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgärleri, il sylagly ýaşulylarymyz, mährem enelerimiz, bilim, saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän bagtyýar ilatymyz gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň ýörite taýýarlan estrada we halk aýdymly çykyşlaryna, folklor toparynyň edebi sazly kompozisiýasyna uly orun berildi. Perman Babajanow, Oraz Baýarow, Merdan Aknuryýew, Jeren Amanowa, Arzygül Duşemowa ýaly aýdymçylar özleriniň mahmal owazly aýdym-sazly çykyşlarynda ýurdymyzyň bedew batly ösüşlerini, berkarar Watanmyzyň garaşsyzlyk ýyllyry içinde ýeten sepgitlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletli işlerini wasp etdiler.

  Dabaranyň ahyrynda ýurdymyzyň at-abraýny arşa göterýän, ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi. 

 

Gülhumar   HOJAHMETOWA

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Köneürgenç  etrap  birleşmesiniň  esasy hünärmeni

Degişli Habarlar