TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ASUDA ÝOLLAR- ABADAN DURMUŞ
02.09.2026 Çäk birleşmeler

ASUDA ÝOLLAR- ABADAN DURMUŞ

   Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäräniň geçirilmegi däbe öwrüldi. Biraýlygyň esasy maksady, döwlet hem-de şahsy ulaglaryň gatnaşmagynda ýollarda gatnawlaryň ýolhereketiniň düzgünlerine laýyklykda howpsuz hereketi üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle-de ynsan ömri, saglygy üçin howply bolan ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýol hereketine gatnaşýan sürüjileriň, pyýadalaryň hüşgärligini, seresaplylygyny ýokarlandyrmak, köçe-ýolhereketiniň düzgünlerini hemişe pugta berjaý etmeklerini gazanmak, biraýlygyň çäklerinde geçiriljek çäreleriň baş maksatlarynyň biridir. Şoňa görä, sentýabr aýyň dowamynda degişli edaralaryň, gulluklaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň edara-kärhanalarda, orta mekdeplerde, çagalar baglarynda we beýleki ýerlerde yzygiderli bolup, degişli ugur boýunça düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini alyp barmaklaryna aýratyn üns berler. Ýol hereketiniň howpsuzlygy diňe bir awtoulag sürüjileri üçin däl, eýsem, pyýadalaryň, ýolagçylaryň we jemgyýetiň ähli durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin-de her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga badalga berilýär. Biraýlygyň çäklerinde ýörite meýilnama esasynda geçirilýän çäreler köçe-ýol hereketine gatnaşýanlaryň onuň kadalaryna jogapkärli çemeleşmekleri bilen birlikde, jemgyýetde ýol medeniýetiniň ýokarlanmagyna-da ýardam eder.

    Bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da ra­ýat­lary­my­za de­giş­li bo­lan aw­tou­lag­la­ryň sa­ny­nyň barha artýan­dy­gy hal­ky­myzyň aba­dan ýa­şaý­şy­nyň, eş­ret­li dur­mu­şyň dabaralanýandygy­nyň aýdyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Şol se­bäp­li ýur­du­my­zyň aw­tou­lag ýol­la­ryn­da gat­naw­lar has­da ýygjam­laş­ýar. Bu ba­bat­da sürü­ji­le­riň hem, py­ýa­da­la­ryň hem ýol hereke­ti­niň ka­da­la­ry­ny do­ly hem­de dog­ry ber­jaý et­mek­leri­ni ga­zan­mak mö­hüm şert­dir. Şu nuk­daý­na­zardan, Türkmenistanda ýol hereke­ti­niň howp­suzly­gy­ny üp­jün et­mek üçin kä­mil, top­lum­la­ýyn we ýo­ka­ry de­re­je­li gurama­çy­lyk ­hu­kuk ul­gamy­nyň döredilendi­gi­ni ynam­ly aýt­mak bo­lar. Kons­titusiýamyzdan göz­baş al­ýan ka­nun­çy­lyk nama­la­ryn­dan baş­lap, yg­ty­ýar­ly döw­let eda­ra­lary­nyň ta­kyk kesgitle­nen we­zi­pe­le­ri­ne çen­li äh­li dü­züm­ler ýol­lar­da yn­san saglygynyň we ja­ny­nyň goralma­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­-­öm­rü­mi­ziň rahat­ly­gy” at­ly bi­raý­ly­gyň yzy­gi­der­li ge­çi­rilme­gi ýur­du­myz­da ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­lyk de­re­je­si­ni has­da ýokarlan­dyr­ma­ga we her bir ada­myň durmuş ra­hat­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. 

    Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Şeýle ajaýyp döwürde her bir maşgalanyň, raýatyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bubabatda geçirilýän biraýlyk hem örän uly ähmiýete eýedir. Oňa işjeň gatnaşmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.

Şirinjemal OTUZOWA

TKA-nyň Gubadag etrap birleşmesiniň kätibi

Degişli Habarlar