Türkmen alabaýy- gadymy halkymyzyň eýýamlaryň jümmüşinden häzirki döwrümize çenli arkama-arka kämilleşdirip gelen milli gymmatlygydyr. Türkmen alabaýy- dünýäniň iň arassa ganly it görnüşleriniň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ýiti döredijilik galamyndan çykan “Türkmeniň buýsanjy” atly ajaýyp goşgusyndaky:
Mydam goraga sak, hüşgär hem düşbi,
Wepaly alabaý- dostlugyň keşbi,
Asyrlaryň uzak menzilin geçdi,
Hemişelik hemrasydyr türkmeniň
diýen setirlerinde türkmeniň hemişelik hemrasyna öwrülen wepaly alabaýlarymyzyň biziň durmuşymyzdaky ornuna aýratyn baha berýär. Bu gün alabaýlaryň arassa tohumyny saklap galmak we geljege ýetirmek ugrunda bellärlikli işler amala aşyrylýar. Ýadyňyzda bolsa, bu ugurdaky işleri dolulygyna durmuşa geçirmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda “Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Ajaýyp häsiýetleri bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly ýagdaýda ykrar edilen türkmen alabaýy- biziň milli buýsanjymyzdyr, Watanymyzyň milli baýlygydyr. Bu gün Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň bu ajaýyp tohum itleriň gadymylygyny saklap galmak ugrundaky bitirýän işleri uludyr. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň baýramynyň uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilmegi bolsa bu ugurda edilýän işlerdan ajaýyp nyşandyr. Bu gün türkmen alabaýy dünýändäki it tohumlarynyň arasynda gurnalan dürli bäsleşiklerde esasy baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Hüşgärligiň, batyrlygyň, gorkyny-ürkini bilmezligiň, eýesine we öý-ojaga wepalylygyň hem-de milliligiň nusgasy bolan türkmen alabaýynyň ajaýyp häsiýetlerini bu gün bütin dünýä jemgyýetçiligi doly ýagdaýda ykrar edýär.
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküden-de belende galsyn! Ata- babalarymyzdan bize miras galan milli gymmatlyklarymyzy giňden öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerimizi aýdýarys!
Begenç Mätekow
TKA-nyň Gubadag etrap
birleşmesiniň baş buhgalteri