TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / AK MEKDEPLERDE OKAÝAN BAGTYÝAR NESILLER
01.09.2026 Çäk birleşmeler

AK MEKDEPLERDE OKAÝAN BAGTYÝAR NESILLER

   1-nji sentýabr. Bu gün “Bilimler we talyp ýaşlar” güni ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda giňden bellenilýär. Köneürgenç etrabynda ýerleşýän 61 sany umumy bilim berýän orta mekdeplerde, 13 sany çagalar-bakja baglarynda bu baýram mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Guralan dabaralarda ýürek buýsançly çykyşlar diňlenildi. Il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim ojaklarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesillerimiziň okamaklygy, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekligi üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada hem-de baýramçylyk mynasybetli ýüreginde beslän gutlag sözlerini aýtdylar. Körpeje nesilleriň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Joşgunly aýdylan aýdym-sazly çykyşlarda bagtyýar çagalygyň, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitleriň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwletli işleriniň waspy ýetirildi. 

   Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim ojaklarynda ylym-bilim almaklygy, döredijilik bilen meşgullanmagy, dynç almaklygy, saglyklaryny dikeltmekligi üçin ähli şertleri döredip berýär. Soňky sanlyja ýyllaryň içinde obadyr-şäherlerde döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler gurlup ulanylmaga berildi. Bu bilim ojaklarynyň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän enjamlar, multimediýa tagtalary  bilen üpjin edilmegi, her ýyly 1-nji synpa barýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýan kompýuterleriň gowşurylmagy ýaş nesiller barada edilýän aladalaryň bimöçberdigine şaýatlyk edýär. Garaşsyz, baky Bitarap-Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Köneürgenç etraby boýunça 1-nji synpa 3130 sany okuwçy mekdebe baryp, olara ýan kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaş nesilleriň okamagy, döretmegi, ylym-bilimden ýüki ýetik iň kämil hünärmenler bolup ýetişmekligi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. 

 

Hudaýnazar  DURDYÝEW

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy

Degişli Habarlar