Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde altyn önýän pellerde bereket hasyly kemala geldi. Oba hojalyk pudagynda köp zähmeti talap edýän, halkymyzyň ak altyna deňeýän ekini bu gowaçadyr. Gowaça biziň hojalyk durmuşymyzda giňden ulanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň birnäçesi guruldy we pagta çig maly gaýtadan işlenilip taýýar önümler alnyp başlandy. Şeýle gymmatly tehniki ekiniň biziň güneşli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilmegi we ýurdumyzda bar bolan ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirkizaman senagat kärhanalarynda gaýtadan işlenip taýýar önüm derejesine çenli getirilmegi bolsa buýsanjyňy goşalandyrýar. Zähmetkeş babadaýhanlarymyz bolsa “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda baş baýramymyz bolan Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna özleriniň mynasyp baýramçylyk sowgatlary bilen barýarlar.
Eziz diýarymyzy bedew batly ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülnar Rejepowa
Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň hasapçysy