TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / AK ALTYN DAGLARY BEÝGELÝÄR
14.09.2026 Çäk birleşmeler

AK ALTYN DAGLARY BEÝGELÝÄR

    Ine, bu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylan bu bereketli ýylymyzda altyn önýän pellerde bereket hasyly kemala geldi. Ahyryna göz ýetmeýän ok ýaly göni gowaça hatarlary akja hanalar bilen bezelip başlady. Nesip bolsa bu akja hanalar tiz arada ak çadyr kimin açylyp özüniň bereket hasylyny eçiler. Bilişimiz ýaly gowaça diýilýän ösümlik tehniki ösümlikleriň hataryna girip, bu ösümligiň hemme agzalary biziň hojalyk durmuşymyzda giňden ulanylýar. Şeýle gymmatly tehniki ekiniň biziň günüşli topragymyzda ösüdürilip ýetişdirilmegi we ýurdumyzda bar bolan ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirkizaman senagat kärhanalarynda gaýtadan işlenip taýýar önüm derejesine çenli getirilmegi bolsa buýsanjyňy goşalandyrýar. Eýýäm gowaça hasylyny ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplan babadaýhanlarymyz öz zähmet üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna ullakan baýramçylyk sowgatlary bilen barýarlar. Gowaça halkymyzyň milli baýlyklarynyň biri diýsek hem hakykatdan daş düşmeris. Şahyr Gara Seýitliýew aýtmyşlaýyn:

 

Kümüş kimin şöhle salar ýüzüňe,

Watanmyzyň kuwwatydyr ak pagta.

 

Hakykatdan-da pagta ekip ýetişdirip, ondan bol hasyl alyp, ýygnalyp alnan gowaça hasylyny öz içinde gaýtadan işläp, gowaçadan taýýarlanan önümlerini dünýä bazaryna çykaryp bilýän döwlet kuwwatly döwlet hasaplanýar. Nesip bolsa, bu ýyl hem ýetişdirilen bol hasyl zaýasyz ýygnalyp alnar we öňde goýulan meýilnama artygy bilen berjaý ediler. Ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almakda bolsa daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň rejeli ulanylmagy bu ugurdaky işleriň ilerlemegine ýardam berýär.

    Goý, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

                                                                                                                                                         

Hezretguly Aşyrbaýew

TKA-nyň agrosenagat

toplumynyň utgaşdyryjysy

Degişli Habarlar