Ahalteke bedewi biziň milli baýlygymyzdyr, milli mirasymyzyň gaýtalanmajak gymmatlygydyr. Gahryman Arkadagymyz özüniň “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly gymmatly eserinde “-Gadymy türkmen taryhynyň tebigatdan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen Ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münilýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi” diýip belläp geçýär. “Ganatly bedewler” diýlip atlandyrylýan bu behişdi ahalteke bedewlerimiz dünýäniň iň arassa ganly at tohumlarynyň biri hasaplanýar. Bu gün biziň ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak nusgasyny geljege miras galdyrmak babatynda bellärlikli işler amala aşyrylýar. Ine, hemmämize mälim bolşy ýaly şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylykly ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde “Türkmenistanda ahalteke atlaryň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Jemi 16 maddadan ybarat bolan bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi bilen milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewlerimiziň goraglylygy kanun tarapyndan resmileşdirildi. Bu Kanun ahalteke bedewleriniň döwlet tarapyndan goraglylygyny üpjin edýär. Bu Kanunyň esasy maksatlary bolsa arassa ganly ahalteke atlaryň genefonduny gorap saklamakdan, ahalteke atçylyk sungatyny goramakdan, bu ganatly atlaryň gaýtalanmajak gözelligini we juda inçe häsiýetlerini dünýä jemgyýetçiligine aýan etmekden, ahalteke atlary babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrmakdan, ahalteke atlary sungaty hem-de seýisçilik işi babatda goraglylygy amala aşyrmakdan, ýörite hünärmenleri taýýarlamakdan, ahalteke atlaryny ýurdumyzyň çäginden daşary çykarmak we ýurdumyzyň çägine getirmek işlerini düzgünleşdirmekden hem-de halkara hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Bedew atlaryň arassa ganlylygyny, gaýtalanmajak gözelligini gorap saklamak bolsa her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküden-de belende galsyn! Bize şeýle ajap döwürde ýaşamaga, okamaga we zähmet çekmäge ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn.
Ýazdursun Taganowa
Ruhubelent etrap Pensiýa gaznasy bölüminiň
işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy